Sermaýa dawalaryny çözýän halkara merkez Russiýanyň mobil operatory MTS-iň Türkmenistana garşy eden şikaýatlaryna seretmek işlerini tamamlady. 14-nji iýunda Guramanyň websaýtynda peýda bolan habarda suduň soňky karary mälim edilmedi.
Ýöne bu işde Türkmenistany gorap çykyş eden Squire Patton Boggs ýuridiki kärhanasynyň 15-nji iýunda ýaýradan beýanatynda öz müşderisiniň ýeňiş gazanandygy nygtalýar.
"MTS-Türkmenistan" mobil operatory öz işini 2017-nji ýylyň sentýabrynda togtatdy. Sebäbi Türkmenistan mobil operatorynyň ýygylyklary ulanmak babatdaky ygtyýarnamasynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürdi. Ýapylan wagtynda onuň 1,7 million abunaçysy bardy.
2018-nji ýylyň iýulynda rus kompaniýasy Türkmenistanyň häkimiýetlerini özüniň "MTS Türkmenistan" kompaniýasyny ýurtdan gysyp çykarmakda aýyplady we Dünýä bankynyň ýanyndaky maýa goýumlara degişli dawalara seredýän Halkara merkezine ýüz tutdy.
MTS kazyýet işini açmazyndan ozal çeken ýitgisiniň azyndan 750 million dollar töweregi bolandygyny çaklady, ýöne soň, 2019-njy ýylda kompaniýanyň çeken ýitgilerini 1,5 milliard dollar diýip çaklaýandygy mälim boldy.
Sermaýa dawalaryny çözýän halkara merkeziň munuň bilen bagly çap eden maglumatyna görä, degişli kazyýet işi 2018-nji ýylyň 10-njy awgustynda hasaba alyndy we 2023-nji ýylyň 14-nji iýunynda tamamlandy. Emma resmi maglumatda suduň gelen karary aýdyňlaşdyrylmaýar.
Emma Squire Patton Boggs ýuridiki kärhanasynyň maglumatyna laýyklykda, kazyýetiň Türkmenistana garşy bildirilýän talaplaryň ählisini ýatyrmak baradaky karary esasynda, Türkmenistana 11 million dollardan gowrak kanuny töleg we araçylyk çykdajylary berilmeli edilipdir.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri hem bu barada maglumat bermeýärler.
Türkmenistanda 2006-njy ýyldan başlap işlän MTS bu ýurtdaky işini 2010-njy ýylda hem togtatmaly bolupdy. Şonda kompaniýa öz iş ygtyýarnamasynyň togtadylmagynyň “hiç wagt doly esaslandyrylmandygyny” aýdypdy. Ýöne ol soňra, 2012-nji ýylda ýene türkmen bazaryna dolanyp geldi we işi, 2017-nji ýylyň sentýabrynda, ikinji gezek togtadylýança işläpdi.
Häzirki wagtda “TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň ýeke-täk mobil operatory bolup, 2004-nji ýyldan bäri hyzmatlary üpjün edýär. Türkmen metbugaty dürli çeşmelere salgylanyp, kompaniýanyň 3,7 million abonentiniň bardygyny aýdýar.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary "Altyn Asyr" arkaly telefon jaňlarynyň hiliniň örän pesdigini, sesiň kesilýändigini, iberilýän SMS hatlarynyň giç barýandygyny ýyllarboýy habar berip gelýärler.
Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistany metbugat azatlygyny, erkin sözi berk çäklendirmekde tankytlaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum