Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow Trampy ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady


ABŞ-nyň we Türkmenistanyň baýdaklary
ABŞ-nyň we Türkmenistanyň baýdaklary

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa Birleşen Ştalaryň 4-nji iýulda bellenilýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada resmi türkmen mediasy habar berýär.

Maglumata görä, Berdimuhamedow, hususan-da, Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ABŞ-nyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edipdir.

ABŞ 1776-njy ýylyň 4-nji iýulynda Garaşsyzlyk Deklarasiýasyny kabul etdi.

XS
SM
MD
LG