Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi 2-nji iýulda Russiýanyň Bakuwdaky ilçisi Mihaýil Ýewdokimowy ministrlige çagyrdy. Ministrligiň resmi web sahypasynda ýerleşdirilen beýanata görä, ilçä “iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara zeper ýetirýän duşmançylykly hereketler bilen baglylykda Azerbaýjan tarapynyň protesti” ýetirildi.
“27-nji iýunda Ýekaterinburg şäherinde azerbaýjanlylaryň öýlerine geçirilen reýdleriň dowamynda iki raýatyň ölmegi we käbirleriniň agyr beden şikeslerini almagy bilen baglylykda, Russiýanyň hukuk goraýjy edaralarynyň şeýle bikanun hereketleri baradaky Azerbaýjan tarapynyň çuňňur aladasy ýene bir gezek ýetirildi. Russiýanyň bu waka boýunça resmi düşündirişiniň ölen raýatlaryň jesetlerindäki zorluk alamatlary we ekspertleriň netijelerine garşy gelýändigi nygtaldy. Şeýle hem, Russiýanyň metbugatynda bu reýdler bilen baglylykda etniki çydamsyzlygyň ýüze çykýandygy bellenilip, azerbaýjanlylara ‘etniki jenaýat topary’ ýaly adalgalaryň ulanylmagynyň kabul ederliksizdigi aýdylýar” diýip, Daşary işler ministrliginiň beýanatynda nygtalýar.
Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi Russiýa tarapynyň “hukuk goraýjy edaralaryň hereketleri boýunça giňişleýin we obýektiw derňew geçirip, jogapkärleri jezalandyrmagyna” garaşýandygyny aýtdy.
Şeýle hem, ministrlik Bakuwyň bu mesele boýunça beýan eden pozisiýasynyň “Russiýanyň içerki işlerine gatyşmak” hökmünde görkezilmeginiň esassyzdygyny nygtady.